TBMM Jo Baýdeniň Toslama Genosid Beýanatyny Ýazgardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi (TBMM) ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Toslama Genosid Beýanatyny Ýazgardy

1629448
TBMM Jo Baýdeniň Toslama Genosid Beýanatyny Ýazgardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Baş geňeşinde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirmeginiň ýazgarylmagy we ret edilmegi bilen baglanşykly beýannama kabul edildi. 

"ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 2021-nji ýylyň 24-nji aprelindäki beýanaty bilen 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly ermeni lobbileriň öňe sürmelerini öz düzüminde jemleýän tezislerine eýe çykmagyny, TBMM hökmünde berk ýagdaýda ýazgarýarys, taryhyň syýasy motiwler bilen galplaşdyrylmagyndan başga manysy bolmadyk bu esassyz töhmetleri iň berk ýagdaýda ret edýäris" diýip aýdylýan beýannamada: "Taryhy meseleler boýunça höküm çykarmaga hukuk we ahlak taýdan ygtyýary bolmadyk ABŞ-nyň Prezidentiniň beren bu beýanaty, biz tarapyndan ýok hökmündedir. Baýdeni taryhy hakykatlara bap gelmeýän, milletimiziň wyždanyny çuňňur ýaralan bu ýalňyş beýanatyny üýtgetmäge, başda türk we ermeni halklary bolmak bilen, sebitiň halklary üçin parahatçylyk, asudalyk we howpsuzlyk içinde ýaşamak tagallalaryny goldamaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz taýdan gürrüňsiz oňaýsyz täsir ýetirjek bu karardan ýüz öwürmäge çagyrýarys. ABŞ-nyň Prezidentiniň beren bu beýanaty biz üçin hiç hili güýji ýokdyr" diýip nygtaldy. 



Degişli Habarlar