" Taryhy Wakalaryň Ýoýulmagy Bilen Alynan Kararlar Rassist Toparlara Güýç Berer"
Altun sosial mediadan iňlis dilinde habarnama berdi
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, ABŞ-da Türkiýäniň Los-Anželesdäki Başkonsulyny şehit eden ermeni terrorçynyň boşadylmagynyň we taryhy wakalaryň ýoýulmagy bilen alynan kararlaryň rassist toparlara güýç berendigini aýtdy.
Altun sosial mediadan iňlis dilinde beren habarnamasynda, ABŞ-da rassist ermeni topar tarapyndan Azerbaýjanyň baýdagy geýdirlen slkediň asylyp öldürilmeginiň terrorçylary şatlandyrandygyny we azerbaýjanlylara aç-açan hemle atylan aksiýanyň hem şol höweslendirmäniň netijesidigini beýan etdi.
Fahrettin Altun: “Türkiýäniň Los Anželesdäki Baş konsulyny 1982-nji ýylda şehit eden ermeni terrorçysy Hamping Sasunýan geçen aý boşadyldy. Şol ganhorlaryň jezasyz galmagynyň diňe ýaş radikallary höweslendirjekdigini duýdurypdyk.
Taryhy ýoýmak, ABŞ-da ýaşaýan azerbaýjanlylara hemle atýan ermeni radikallary hasam güýçlendirýär. Bu bizi aladalandyrýar, ähli hemlelere garşy Azerbaýjany goldaýandygymyzy beýan edýäris we ABŞ-nyň degişli edaralaryny çäre görmäge çagyrýarys. Ermeni terrorçylary tarapyndan şehit edilen diplomatlarymyz bilen bagly sergimiz 1-nji mata çenli Los Anjelesde açyk bolar” diýdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.