Fahrettin Altun ermeni terror guramalarynyň eden gyrgynçylyklaryny düşündirýän wideo paýlaşdy
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun ermeni terror guramalarynyň eden gyrgynçylyklaryny düşündirýän wideo paýlaşdy
1627830
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, sosial media hasabyndan düýn iňlis dilinde beren beýanatynda, ASALA we JCAG ýaly ermeni terror guramalarynyň eden gyrgynçylyklaryny düşündirýän wideosyny paýlaşyp: "Ermeni terror guramalary ençeme adamyň janyna kast edip, ýaragly hüjümler gurap we bombaly aksiýalar geçirip Türkiýäniň raýatlary bilen birlikde aralarynda Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň we ABŞ-nyň raýatlary hem bolan asuda ilatdan ençeme adamy öldürdiler. Terrorçylykly hüjümlerde ýogalan adamlary Stambul we Los-Anjeles şäherlerinde şu gün başlan sergi bilen hatyralap geçýäris" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Afrika diplomatiýasy Günbataryň gün tertibinde
Analizde Afriakda täsirli bolan iň uly güýjiň Türkiyedigi beýan edildi