Ministr Fahrettin Koja Türkiýedäki Kowid-19 sanjym tapgyry barada beýanat berdi

Fahrettin Koja Twitterden beýanat berdi

1624039
Ministr Fahrettin Koja Türkiýedäki Kowid-19 sanjym tapgyry barada beýanat berdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýede Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde şu güne çenli 20 milliondan gowrak doza sanjymyň edilendigini belläp, sanjym tapgyrynyň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini mälim etdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterden beren beýanatynda: "Şu güne çenli 20 milliondan gowrak doza sanjym edildi. Ýaşulylarymyzy we hroniki keseli bolan raýatlarymyzy ilki bilen gorag astyna almaga synanyşdyk. Sanjym tapgyrymyz ähli kynçylyklara garamazdan tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar