Prezident Erdogan Dünýä Liderleriniň Oraz Aýyny Gutlady

Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

1622960
Prezident Erdogan Dünýä Liderleriniň Oraz Aýyny Gutlady

Oraz aýyna ýokary derejeli telefon diplomatiýasy bilen başlan Prezident R.T.Erdogan dünýä liderleriniň oraz aýyny gutlady

Prezident R.T.Erdogan 12-nji aprelden bäri Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamed Al Sani, Saud Arabystanynyň Şasy Salman ben Abdulaziz, Yragyň Prezidenti Berhem Salih, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Nigeriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Muhammadu Buhari we Pakistanyň Premýer ministri Imran Han bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Liderleriň birek-biregi oraz aýy bilen gutlan telefon söhbetdeşliginde, mukaddes remezanyň yslam älemi we bütin dünýä üçin haýyr getirmegini arzuw etdiler.



Degişli Habarlar