Prezidentiň orunbasary Oktaý Ekwatorial Gwineýanyň Wise-prezidenti bilen duşuşdy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Ekwatorial Gwineýanyň Wise-prezidenti Teodoro Nguema Obiang Mangue bilen duşuşyk geçirdi

1622083
Prezidentiň orunbasary Oktaý Ekwatorial Gwineýanyň Wise-prezidenti bilen duşuşdy

Prezidentiň kompleksinde geçen duşuşykda, iki ýurdyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin erkin söwdanyň, maýa goýumlaryň ikitaraplaýyn häsýetde höweslendirilmegi we ikitaraplaýyn salgydyň öňüniň alynmagy maksady bilen ylalaşyklaryň baglaşylmagy ýaly ugurlar maslahatlaşyldy. 

Duşuşykda Ekwatorial Gwineýanyň howpsuzlyk zerurlyklarynyň çäginde Türkiýeden biri-birinden tapawutly senagat önümleriniň alynyp bilinjekdigi, ýurtda türk kärhanalaryna beriljek goldaw bilen iki ýurdyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň artdyrylyp bilinjekdigi bellendi. 

Ekwatorial Gwineýanyň Wise-prezidenti Teodoro Nguema Obiang Mangueniň Türkiýä guran saparyna hoşallyk bildiren Oktaý, söhbetdeşine geçen aý Bata şäherinde bolan partlamada ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi. 

Fuat Oktaý, Ekwatorial Gwineýanyň galkynyşy üçin düzülen meýilnama taslamalaryna Türkiýäniň goldaw bermäge we tejribesini paýlaşmaga taýardygyny beýan edip, türk kärhanalarynyň Ekwatorial Gwineýadaky taslamalara gatnaşmagynyň iki ýurdyň peýdasyna boljakdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar