ABŞ Gara Deňize Gämi Ugratmakdan El Çekdi

ABŞ, Türkiýä beren diplomatik habarnamasyny yzyna aldy.

1621582
ABŞ Gara Deňize Gämi Ugratmakdan El Çekdi

ABŞ, 2 harby gämisiniň Türk bogazlaryndan Garadeňize geçmegi üçin Türkiýä beren diplomatik habarnamasyny yzyna aldy.

Dipolomatik töwerekler, ABŞ-nyň ozal 2 harby gämisiniň Türk bogazlaryndan Gara deňize geçmegi üçin Türkiýä diplomatik habarnama berendigini, emma harby gämileriň bogazlardan geçmändigini, ABŞ-nyň Ankaradaky ilçihanasynyň Daşary işler ministrligine mesele hakynda maglumat berendigini mälim etdi.

ABŞ-nyň harby gämileriniň bogazlardan geçmegi hakyndaky habarnamanyň yzyna alynandygy we täze geçişler üçin heniz hiç hili maglumat berilmändigi nygtaldy.

Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeler ozal 1936-njy ýylda baglaşylan Montr şertnamasyna laýyklykda ABŞ-na degişli 2 harby gäminiň Garadeňize geçmegi barada 15 gün ozal maglumat berlendigini we gämileriň aýry aýry 14-nji we 15-nji aprelde Garadeňize geçmeginiň 4-nji we 5-nji maýda bolsa yzyna dolanmagynyň göz öňünde tutulýandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar