Wolkan Bozkyr Hataý welaýatynda saparda bolýar

BMG-niň 75-nji Sessiýasynyň Başlygy Wolkan Bozkyr, Türkiýäniň Hataý welaýatynda gözegçilik işlerini geçirdi

1618968
Wolkan Bozkyr Hataý welaýatynda saparda bolýar

BMG-niň 75-nji Sessiýasynyň Başlygy Wolkan Bozkyr, Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabynyň Jilwegözü gümrük geçelgesindäki BMG degişli ynsanperwer kömek geçiriş meýançasyna baryp, edilýän işlere gözegçilik etdi, işleýän adamlardan maglumat aldy. 

Wolkan Bozkyr, ynsanperwer kömekleriň Siriýa açylýan 4 gümrük geçelgäniň diňe birinden amala aşyrylyp bolýandygyny belläp: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mümkinçilikde bu sany ýaňadandan artdyrjakdygyna ynanýaryn. Halkara jemgyýet tarapyndan bu ugurda berilýän çagyryşlary we tagallalary goldaýaryn. BMG Baş geňeşi hökmünde gözegçilik ederis we bu ýerde gören we alan maglumatlarymy Nýu-Ýorka gaýdyp baran mahalym BMG-a agza bolan ýurtlar bilen paýlaşaryn" diýip mälim etdi. 

Ýanyndaky BMG-nyň wekiliýeti bilen Bükülmez birikmesine hem baran Wolkan Bozkyr, serhediň Siriýa tarapynda çadyr düşelgelerde ýaşaýan siriýaly bosgunlaryň galýan Atme obasyna syn etdi.  

Wolkan Bozkyr, Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Çagalaryň dosty edarasyndaky siriýaly ýetim çagalar bilen söhbetdeş boldy we olara sowgatlar berdi. 



Degişli Habarlar