Türkiýe, Hindistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

“Terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Hindistanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirýäris”

1614658
Türkiýe, Hindistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

 

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Hindistanyň Çatisgarh welaýatynda howpsyzlyk güýçlerine guralan terrorçylykly hüjümde hindi howpsyzlyk güýçlerinden köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Hindistanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

Hindistanyň Bižapur şäherinde howpsyzlyk güýçleriniň tokaýlyk meýdandaky ybadathana guran operasiýasynda Maoujy başbozarlary bilen çaknyşygyň bolandygy habar berlipdi.

Çaknyşykda howpsyzlyk güýçlerinden 22 adamyň ýogalandygy, 32-niň ýaralanandygy, 15 başbozaryň hem öldürlendigi nygtalypdy.



Degişli Habarlar