“Türkiýäni Global Syýassy we Ykdysady Ulgamda Laýyk Bolan Derejesine Götereris”

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi

1601784
“Türkiýäni Global Syýassy we Ykdysady Ulgamda Laýyk Bolan Derejesine Götereris”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäni koronawirus pandemiýasy bilen birlikde depgini ýokarlan global syýasy we ykdysady ulgamda laýyk bolan derejesine götermekde ykrarlydyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

15-nji martda edilen sanjymyň sanynyň 11,5 milliona ýetendigini beýan eden Erdogan: “Taýarlyklary dowam edýän ýerli sanjymymyz taýar bolýança daşary ýurtdan sanjym almaga dowam ederis” diýdi.

Pandemiýa döwründe ençeme ýurtda ýüze çykan kynçylyklaryň, üpjünçilik ulgamyndaky kemçilikleriň we howpsyzlyk ulgamyndaky başarnyksyzlykaryň Türkiýede ýüze çykmandygyny nygtan Erdogan; “Biz Türkiýäni pandeöiýa bilen birlikde depgini ýokarlan global syýasy we ykdysady ulgamda laýyk bolan derejesine götermekde ygrarly” diýdi.



Degişli Habarlar