Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirip, PÝD/ÝPG-niň harby brigadasynyň serkerdesini Türkiýä getirdi

1601560
Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk Gullugy ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-nyň harby brigadasynyň serkerdesi "Şeh Guýi" adyny ulanýan terrorçy Ibrahim Babady Siriýada geçiren üstünlikli operasiýasy bilen tussag edip, Türkiýä getirdi. 

Alynan maglumata görä, Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýada geçiren operasiýasy bilen terrorçy Ibrahim Babady ulagy bilen barýarka tussag etdi. 

Serhet liniýasyndan geçirilip, Türkiýä getirilen Ibrahim Babatdan alynan maglumatlaryň esasynda, Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýanyň goşuny bilen birlikde Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde terrorçylykly aksiýalarda ulanylmak maksady bilen taýarlanan gurama degişli köp sanda partlaýjy madda, mina we elektrikli detonator ele saldy. 

Mundan başgada Ibrahim Babat bilen geçirilen gürrüňdeşlikde guramanyň Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli Siriýa-Türkiýe serhet liniýasyndaky serhet we harby birikmelere garşy guralmagy meýilleşdirilen hüjümleriň meýilnamalary aýan boldy. 

Terror guramasynyň düzümine 2011-nji ýylda Jizre etrabynda goşulan Ibrahim Babatyň, Yragyň demirgazygyndaky Haftaninde terrorçylykly aksiýalaryna başlandygy, birnäçe wagt Zap sebitinde galanyndan soň 2017-nji ýylda Siriýa geçendigi we guramanyň  harby brigadasynyň serkerdesi wezipesine bellenendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #serkerde , #Siriýa , #PÝD , #KJK , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar