Erdogan: Epidemiýa garşy alyp barýan göreşimizi üstünlikli netijelendirmekde tutanýerlidiris

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, bütin dünýäni howsala düşüren koronawirus epidemiýasyna garşy soňky 1 ýyl bäri alyp barýan göreşi üstünlikli netijelendirmekde tutanýerlidiklerini beýan etdi

1600965
Erdogan: Epidemiýa garşy alyp barýan göreşimizi üstünlikli netijelendirmekde tutanýerlidiris

Prezident Erdogan 14-nji mart Lukmançylyk baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Epidemiýanyň saglygy goraýyşa we saglygy goraýyş bilen bagly infrastruktura goýulan maýalaryň nähili derejede möhümdigini, nähili derejede zerurdygyny görkezendigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýede adamlaryň tiz kömek ulaglaryny tapman, hassahanalaryň gapylaryndan yzyna ugradylan, garrylar öýünde biperwaýlykdan ölen elhenç hadysalaryň ýüze çykmagyna mümkinçilik bermändiklerini beýan etdi. 

Türkiýäniň iň töwekgelçilikli gatlaklardan başlanan sanjym işlerinde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryň arasyndadygyny aýdan Erdogan: "Şübhesiz bu üstünlikde iň uly paý, gije diýmän, gündiz diýmän raýatlarymyzy saglygyna gowuşdyrmak üçin tagalla edýän saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine degişlidir. Bütin dünýäni howsala düşüren koronawirus epidemiýasyna garşy soňky 1 ýyl bäri alyp barýan göreşi üstünlikli netijelendirmekde tutanýerlidiris" diýip belledi. 

Perzidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezident Erdoganyň 14-nji mart Lukmançylyk baýramy mynasybetli taýarlan wideo ýüzlenmesini paýlaşdy.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, paýlaşan wideosynda "Eden pidakärlikleri bilen raýatlarymyza, milletimize, bütin adamzada hyzmat eden saglygy goraýyş edaralarynyň ähli işgärlerini 14-nji mart Lukmançylyk baýramlary gutly bolsun" diýip belledi. 

Prezident Erdogan 14-nji mart Lukmançylyk baýramy mynasybetli taýarlan gutlag ýüzlenmesinde: "Öz medeni geografiýamyzda Ibn Sina we al-Razi ýaly alymlarymyzyň düýbüni tutan lukmançylyk ylymy ähli döwürde adamlar üçin möhüm ugur boldy. Sebäbi siz ýaradylanlaryň iň mertebelisi bolan adamlara berip boljak iň gowy hyzmaty berýärsiňiz, ýerine ýetirýärsiňiz. Hormatly lukmanlarymyza, Lukmançylyk fakultetlerinde gelejegiň lukmanlaryny ýetişdirýän hormatly mugallymlarymyza, saglygy goraýyş edaralarynyň ähli işgärlerine aýry-aýry minnetdarlyk bildirýärin. Saglygy goraýyş edaralarynyň ähli işgärlerini 14-nji mart Lukmançylyk baýramy bilen gutlaýaryn. Baýramyňyz gutly bolsun" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar