“Türkiýe Dünýäniň Ykdysady Taýdan Ösen 10 Ýurdundan Biri Bolar”

Prezident Erdogan, Stambulda Haliç kongres merkezinde Ykdysady reforma bukjasyny tanyşdyrdy

1600307
“Türkiýe Dünýäniň Ykdysady Taýdan Ösen 10 Ýurdundan Biri Bolar”

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdundan biri bolmagy üçin gije-gündiz diýmän işlejekdiklerini we hökmany suratda maksatlaryna ýetjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Stambulda Haliç kongres merkezinde Ykdysady reforma bukjasyny tanyşdyrdy.

Ykdysady reforma bukjasyna görä,

Karzlar türk lirasy bilen alynar.

Döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalarda tygşytlylyk edilmegi üçin kanuny üýtgetmeler giriziler.

Kiçi kärhanalar üçin salgyt ýeňilligi dörediler.

7 gün dowamynda 24 sagat Türkiýäniň digital salgyt dolanşygy ulgamy hyzmat etmäge başlar.

İnfilýasiýa garşy göreşiň çäginde azyk önümlerinde ýitgileriň we zaýalanmalaryň öňüni almak üçin ekerançylyk meýdanynda we lomaý söwda bazalarynda galan täze gök hem-de miwe önümleri bazarlara hödürlejek mehanizmler düzüler.

Digital oba hojalyk bazary bilen ähli daýhanlar önümerini bazarlara ýerlärler.

Irki duýduryş ulgamy arkaly önümçilik, lomaý we bölekleýin tapgyrlarda azyk toruna şol bir watda gözegçilik ediler.

Infilýasiýada howp döredýän konstruktiw howplary seljermek, degişli çäreleri görmek we olary iş ýüzüne geçirmek üçin Nyrh durnuklylygy topary dörediler.

Işlenmedik azyklaryň bahasynda araçylaryň nyrhlarynyň aşakladylmagy üçin başlangyçlar ediler.

Digital puluň ykdysady, tehnologik we hukuky binýadyny döretmek üçin taýarlyklar görüler.

Senagatda iş ukyby ýokarlandyrylar we bäsleşik güýjüni ýokarlandyryjy başlangyçlar ediler.

Täzelikçi we güýçli saglyk senagatyny ösdürmek maksady bilen Prezidentiň ýanynda Saglyk senagaty edarasy dörediler.

Prezidentiň hemaýat bermeginde Kompýuter maksatnamasy we üpjünçilik senagatlary edarasy dörediler.

Elektrik energiýasyny saklaýyş desgalarynyň gurulmagy üçin konstruktiw desgalar tamamlanar we energiýa serişdelerinde daşarky garaşlylygy azaldyjy syýasatlar netijeli durmuşa geçiriler.

Eksport önümleriniň ýokary depginde we az çykdajyly bazarlara elýeterliligi üçin daşary ýurtlarda logistiki merkezler açylar.

 

 



Degişli Habarlar