Liwiýada Milli Ylalaşyk Hökümetiniň Ynam Sesini Almagyna Hoşallyk Bildirildi

Türkiýe, Liwiýada Milli ylalaşyk hökümetiniň ynam sesini almagyna hoşallyk bildirdi

1598836
Liwiýada Milli Ylalaşyk Hökümetiniň Ynam Sesini Almagyna Hoşallyk Bildirildi

 

Türkiýe, Liwiýanyň Premýer ministri Abdülhamid Dibeýbeniň Liwiýanyň Wekiller Mejlisine hödürlän Milli ylalaşyk hökümetiniň ynam sesini almagyna hoşallyk bildirdi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, Milli Ylalaşyk hökümetiniň, dost we doganlyk ýurt Liwiýanyň halkynyň durnuklylygynyň başda durmagynda saýlaw etabynyň gönükdirilmegi, guramalaryň birleşdirilmegi we giň gerimli milli ylalaşygyň gazanylmagy üçin uly tagalla etmeginiň arzuw edilýändigi ýatladyldy.

Beýannamada “Halkara jemgyýetçiligine, saýlawa çenli bolan döwürde, Liwiýadaky ähli gatlaklara we Milli jebislik hökümetine goldaw bermekleri üçin çagyryş berýäris” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň Liwiýanyň halkynyň durnuklylygy we howpsyzlygy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigi bellenildi.



Degişli Habarlar