“Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda 711 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Rasulaýnda 27 kilometr uzynlygynda 303 tunel, Tel Abýatda uzynlyklary 150 we 600 metr bolan 21 tunel hatardan çykaryldy

1597837
“Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda 711 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanan Siriýanyň Tel Abýad we Rasulaýn etraplarynda soňky 1 ýylda 711 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şanlyurfa welaýat häkimliginden berlen beýannamada, Türkiýäniň günorta serhedinde terror koridorynyň açylmagynyň öňüni almak, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy maksady bilen Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy ÝPG/PKK we DAIŞ-e garşy 2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň gysga wagtda üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, howpsyzlyk güýçleriniň Siriýanyň Milli goşuny we ýerli güýçler bilen birlikde guran operasiýalarynda soňky 1 ýylda Tel Abýatda terror guramasy PKK/ÝPG agza 1-i öli 350, DAIŞ-e agza 126, Rasulaýdnde bolsa 3-i öli 224, DAIŞ-e agza 11 terrorynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýannama görä, Rasulaýnda 27 kilometr uzynlygynda 303 tuneliň, Tel Abýatda uzynlyklary 150 we 600 metr bolan 21 tuneliň hatardan çykarlandygy bellenildi.

Terrorçylardan tarapyndan goýlan 284 partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy.

Operasiýalar köp sanly ýaragyň ele geçirildi.



Degişli Habarlar