Türkiýe, Malide Guralan Hüjümi Ýazgardy
“Dost we doganlyk ýurt Maliniň halkyna we hökümetine, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris"
Türkiýe, Malide žandarm güýçlerini nyşana alan terrorçylykly hüjümi ýazýardy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, 25-nji fewralda Maliniň Bandiagara welaýatynda ýerleşýän žandrm güýçleriniň merkezini nyşana alan terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.
Beýannamada “Terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys. Dost we doganlyk ýurt Maliniň halkyna we hökümetine, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris. Ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
Maliniň goşunlaryndan berlen beýannamada harby merkeze şahsyýeti näbelli ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde 8 esgeriň ýogalandygy, 5 esgeriň ýaralanandygy nygtalypdy.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Kärdeşler dabaradan soň metbugata ýapyk häsýetde ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi