Prezident Erdoganyň dogulan gününi sosial medianyň üsti bilen on müňlerçe adam gutlady

Prezident Erdoganyň 67 ýaş toýy Twitterde gün tertibiniň ileri tutulýan ugry boldy

1591074
Prezident Erdoganyň dogulan gününi sosial medianyň üsti bilen on müňlerçe adam gutlady
erdoğan.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň dogulan gününi sosial medianyň üsti bilen on müňlerçe adam gutlady.

Prezident Erdoganyň dogulan güni mynasybetli Twitterde "#İyikiDoğdunMilletinAdamı" heştegi bilen ýazylýan gutlaglar, gysga wagtyň içinde on müňlerçä ýetdi.

Emine Erdogan, Rejep Taýýip Erdoganyň 67 ýaş toýuny, biri-birleriniň ellerini tutup düşen suratlaryny paýlaşyp gutlady. 

Adalat we ösüş partiýasy tarapyndan bolsa, Erdoganyň dogulan güni üçin "Dogulan günüň gutly bolsun, millete hyzmat etmek ýolunda uzak ýaş dileýäris" ýazgysy bilen paýlaşylan wideo taýarlandy. 

Adalat ministri Adülhamit Gül, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidenti Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem sosial media hasaplaryndan beren beýanatlary bilen Erdoganyň dogulan gününi gutladylar. 



Degişli Habarlar