Daşary Işler Ministri Çawuşogly Italiýa Duýgudaşlyk Bildirdi

Çawuşoglu “Dost ýurt Italiýanyň halkyna we hökümetine, hüjümde ýogalanlary ňhossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi

1589232
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Italiýa Duýgudaşlyk Bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kongo Demokratik Respublikasynda BMG-nyň ulag kerwenine guralan hüjümde Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky ilçi Attanasio bilen janpenasynyň ýogalmagyna uly gynanç bildirildi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda “Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky ilçi Attanasio bilen janpenasynyň hyýanatçylykly hüjümde ýogalmagyna uly gynanç bildirýärin. Dost ýurt Italiýanyň halkyna we hökümetine, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Kongo Demokratik Respublikasynda düýn ýerli wagt bilen 10.00 töweregi BMG-nyň ulag kerwenine guralan hüjümde 2017-nji ýyldan bäri Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýän 43 ýaşyndaky Attanasio bilen janpenasy  ýogalypdy.



Degişli Habarlar