Prezident Erdogan ýurdyň ilatynyň azalmagy bilen bagly beýanat berdi
Prezident Erdogan: "Türkiýäniň ilatynyň azalmagy babatynda Ýewropa bilen şol bir ykbala sezewar galmagymyza rugsat bermeris" diýip belledi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki baş merkezinde, partiýasynyň 7 ýurdyň şäherindäki welaýat zenan şahamçalary 6-njy nobatdaky maslahatyna göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Erdogan maşgalalaryň ähmiýetiniň we ilatyň artyş tiziliginiň üstünde durup geçen çykyşynda, Türkiýäniň ilat artyş tizliginiň 2 esse diýen ýaly peselendigini, bu görkezijiler bilen uzak bolmadyk gelejekde ilatyň azalmaga hem başlap biljekdigini beýan etdi.
Ýewropa ýurtlarynyň şol howpa eýýäm ençeme wagt bäri sezewar galýandygyny bellän Erdogan: "Türkiýäniň ilatynyň azalmagy babatynda Ýewropa bilen şol bir ykbala sezewar galmagymyza rugsat bermeris. Bu işiň hötdesinden pul bilen gelinmez. Bu maşgalaňa eýe çykmakdan gözbaş alýar. Zenanyň bagryna basan ýa-da gujaklan mähri we erjelligi bilen bagryna basmadygy bir maşgalanyň dargap gitmegi gutulgysyzdyr. Günbatarda maşgalanyň çöküş etaby, zenanyň harytlaşdyrylyp bu mukaddes wezipeden uzaklaşdyrylmagy bilen başlady" diýip habar berdi.