"Penje Bürgüt-2" oprasiýasynyň çäginde 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde dowam edýän "Penje Bürgüt-2" atly operasiýanyň çäginde 2-si guramanyň ýolbaşçylaryndan bolan jemi 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1582260
"Penje Bürgüt-2" oprasiýasynyň çäginde 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Gara sebitinde terrorçylara garşy 10-njy fewralda başladylan "Penje Bürgüt-2" operasiýasynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigi mälim edildi. 

Operasiýanyň çäginde 2-si guramanyň ýolbaşçysy bolan jemi 37 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda, terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar, ok-däri ammarlar we ştab hökmünde ulanylan ýerlerden ybarat jemi 50-den gowrak nyşananyň howa hüjümleri bilen ýer bilen ýegsan edilendigi habar berildi. 

Ýerli we milli ok-därileriň ulanylan hüjümlerde nyşanalaryň dolulygyna ýok edilendigi aýdylýan beýanatda, guramanyň sebitdäki barlygyna agyr zarba salynandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar