Erdogan Bilen Merkel Özara Gatnaşyklar Hakynda Pikir Alyşdy

Türk raýatlaryna wiza ýeňilmeginiň döredilmegi üçin gyssagly işe girişilmeli

1579713
Erdogan Bilen Merkel Özara Gatnaşyklar Hakynda Pikir Alyşdy

 

Prezident R. T. Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Merkel, Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we Türkiýe -ÝB gatnaşyklary bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Erdogan, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýändiklerini nygtap, ÝB-niň mart aýynda geçiriljek liderler maslahatyndan öň gepleşikleriň geçirilmegine garaşýandyklaryny belledi.

ÝB-niň, Türkiýe meselesinde adalatly we içgin çemeleşmeginiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini aýdan Erdogan, 18-nji mart ylalaşygynyň çäginde migrantlaryň yzyna kabul edilmeginiň ýerine türk raýatlaryna wiza ýeňilmeginiň döredilmegi üçin gyssagly işe girişilmelidigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan, Portugaliýanyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe Türkiýe-ÝB sammitiniň geçirilmegine garaşýandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar