Türkiýe Koronawirus Sanjymlamasyny Dowam Etdirýär

Türkiýede koronawirus pandemiýasyna garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde jemgyýetçilik immunitetiň üpjün edilmegi üçin sanjymlaýyş işleri dowam edýär

1579546
Türkiýe Koronawirus Sanjymlamasyny Dowam Etdirýär

Şol çäkde 14-nji ýanwarda sanjymyň birinji dozasyny etdiren saglygy goraýyş işgärlerine 11-nji fewralda ikinji doza sanjym edilmäge başlanar.

Gäzirki wagta çenli 2,620 000-den gowrak raýata sanjymyň birinji dozasy edildi. Birinji tapgyrda Türkiýä getirilen we barlag tapgyry tamamlanan 3 millon doza sanjymyň birnäçe günüň dowamynda edilip gutarylmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýä 25-nji ýanwarda 10 million dozalyk sanjymyň 2-nji böleginde 6,5 million doza sanjym getirilipdi.

Ikinji tapgyrda getirilen sanjymyň analizleri dowam edýär. Analiziň netijesiniň belli bolmagyndan soň sanjymlaýyş işleri bellenen tertipde dowam eder.

Birinji tapgyryň W toparyna degişli bolan 65 ýaş we şondan ýokarda bolan raýatlaryň, soň bolsa nobaty bilen ikinji tapgyra degişli bolanlar sanjymlanmaga başlanar.

Tertibe görä 50-64 ýaş aralygyndaky raýatlar hem ikinji tapgyrda Kowid-19 sanjymyny etdirer.

Üçünji tapgyrda bolsa ilkinji nobatda hroniki keselli raýatlar sanjymlanar. Şol raýatlardan birinji nobatda 40-49 ýaş aralygyndaky sanjymlanar, soň bolsa 30-39 we 18-29 ýaş aralygyndaky raýatlara sanjym ediler.

Dördünji tapgyrda bolsa nobaty ýetendigine garamazdan wagtynda sanjym etdirmedikler sanjymlanar.



Degişli Habarlar