Mewlüt Çawuşogly käbir Arap ýurtlaryna sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 9-11-nji fewral aralygynda Kuweýde, Omana we Katara resmi sapar gurar

1579243
Mewlüt Çawuşogly käbir Arap ýurtlaryna sapar gurar

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde şol ýurtlardaky kärdeşleri we ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirjekdigi habar berildi. 

Beýanatda, saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ele alynmagyna, sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşylmagyna garaşylýandygy mälim edildi.  

Beýanatda Mewlüt Çawuşoglynyň şol bir wagtda türk işewür adamlar bilen hem duşuşyklar geçirjekdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar