TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Albaniýada Saparda Boldy

Türkiýe Albaniýanyň ÝB-ne agzalygyna goldaw bermäge dowam eder

1577620
TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Albaniýada Saparda Boldy

 

Türkiýäni Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Albaniýanyň paýtagty Tirana guran saparynyň çäginde Prezident Ilir Meta we Premýer ministri Edi Rama bilen duşuşdy.

Albaniýa tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Prezident Meta, iki ýurduň arasyndaky ýokary gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalanmak bilen dowam etmelidigini nygtady we Albaniýadaky türk maýa goýumlarynyň artdyrylmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmelidigini aýtdy.

Prezident Meta “NATO agza iki hyzmatdallyk hökmünde hyzmatdaşlyk tejribesi we Albaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, howpsyzlygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin esasy platforma bolmaga dowam edýär” diýdi.

Prezident Mete mundan başgada Türkiýäniň we Prezident R. T. Erdoganň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda bolan ýer titremesinden soň täze ýaşaýyş jaýlarynyň we Fierde hassahananyň gurulmagy meselesinde beren kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.

Mejlisiň başlygy Mustafa Şentop hem, Albaniýanyň ÝB-ne agzalyk etabynyň çäginde durmuşa geçiren giň gerimli reformalary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny belledi we Türkiýäniň Albaniýanyň ÝB-ne agzalygyna goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Prezident Meta bilen bolan duşuşygyndan soň Albaniýanyň Mejlisiniň başlygy Gramoz Ruçi tarapyndan hormatyna berlen günorta naharyna gatnaşan Şentop, Premýer ministr Edi Rama bilen hem duşuşdy.

Türkiýäniň Balkanlaryň we esasan dost we doganlyk ýurt Albaniýanyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýändigini aýdan Şentop, 509 million dollarlyk söwda mukdary bilen Türkiýäniň Albaniýanyň söwda taýdan iň uly 4-nji hyzmatdaşydygyna ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar