Gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Hataý welaýatynyň Amanoslar daglarynda ýene-de bir zarba salyndy
Hataý welaýatyndaky Amanos daglarynda terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýärkä täsirsiz ýagdaýa getirilen 4 terrorçynyň 1-iniň gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän, Amanos daglary sebitinden jogapkär Ibrahim Şengüldigi anyklandy.
Habary Içeri işler ministri Süleýman Soýlu özüniň Twitter hasabyndan berdi.
Süleýman Soýlu: "Amanos daglarynda terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görýärkä täsirsiz ýagdaýa getirilen 4 terrorçynyň 1-i Terror sanawynyň gyzyl kategoriýasy boýunça gözlenýän, Amanos daglary sebitinden jogapkär, Bedrettin-Bedirhan adyny ulanýan Ibrahim Şengüldigi anyklandy. Gahryman esgerlerimizi gutlaýarys" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.