Goranmak ministri Hulusi Akar Wengriýa bardy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherine bardy

1576452
Goranmak ministri Hulusi Akar Wengriýa bardy

Germaniýa guran saparyndan soň, Wengriýa geçen Hulusi Akar howa menzilinde kärdeşi Tibor Benko tarapyndan garşylandy. 

Ilki bilen Budapeşt şäherindäki türk gonamçylygyna baran Hulusi Akar, ol ýerdäki hatyralama çäresinde Tibor Benko bilen I Jahan urşynda  Galisiýa frontynda ýogalan esgerleriň ýagty ýädygärligine bagyşlanyp gurulan ýadygärlige gül desselerini goýdy. 

Hulusi Akar, wenger kärdeşi Tibor Benko bilen birlikde Gül Baba aramgähi we medeniýet merkezini hem zyýarat etdi. 



Degişli Habarlar