Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 120 Boldy

8 müň 639 adasaglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradyldy

1576070
Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 120 Boldy

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 120 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 26 müň 237 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 140 müň  120 adam testden geçirilip, ýene-de 630 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 7 müň 795 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 8 müň 639 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 379 müň 70 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar