Bitlis we Siirt welaýatlarynda "Eren-6 Mergelo" atly operasiýa başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi Bitlis we Siirt welaýatlarynda 1453 harbynyň gatnaşmagynda "Eren-6 Mergelo" atly operasiýanyň başladylandygyny habar berdi

1575718
Bitlis we Siirt welaýatlarynda "Eren-6 Mergelo" atly operasiýa başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-ny ýurdyň gün tertibinden dolulygyna çykarmak we sebitde bardygy kesgitlenen terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen 11-nji ýanwarda başladylan Eren atly operasiýalar dowam edýär. 

Şol çäkde Bitlis we Siirt welaýatlarynda "Eren-6 Mergelo" atly operasiýa başladyldy. 

Operasiýa Žandarmanyň desant güýçlerinden, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlaryndan, Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlaryndan we howpsuzlyk goraçylaryndan ybarat jemi 1453 harby gatnaşýar. 

Operasiýa şeýle 82 adamdan ybarat operatiw topar gatnaşýar. 



Degişli Habarlar