Erdogan Sürüjisiz Awtobus Taslamasynyň Tanyşdyrylyşyna Gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, türk inženerleri tarapyndan durmuşa geçirilen dünýäniň ilkinji elektrik tokda işleýän 4-nji derejeli sürüjisiz awtobus taslamasynyň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy

1575261
Erdogan Sürüjisiz Awtobus Taslamasynyň Tanyşdyrylyşyna Gatnaşdy

Prezident Erdogan, tanyşdyrylyş çäresinden soň beren beýanatynda: "Sürüjisiz elektrik tokly awtobuslary öndürýän firmalar dowamly önümçilikleri bilen bu pudak boýunça ýurdumyzyň markalaryny dünýä tanatjakdyklaryna ynanýaryn" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan özüniň Twitter hasabyndan elektrik tokly awtobusyň Prezidentiň kompleksindäki synag sürüşi geçirilýän mahaly düşürilen suratlary paýlaşan Erdogan: "Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyna türk inženerler tarapyndan ýasalan dünýäniň ilkinji elektrik tokda işleýän 4-nji derejeli sürüjisiz awtobusy Atak Elektrik bilen barýarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar