Türkiýeden Hytaýa Bor alyp gitjek otly ýola çykdy

Hytaýyň Sian şäherine gitjek täze eksport otlusy Ankaranyň Demirýol menzilinden ugradyldy

1573529
Türkiýeden Hytaýa Bor alyp gitjek otly ýola çykdy

Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň üsti bilen Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda amala aşyryljak 3-nji eksport otlusynyň taýarlyklary tamamlandy. 

Türkiýeden Hytaýa gitjek otlyny Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez we Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly ugratdy. 

Ministr Fatih Dönmez ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýeden Hytaýa demir ýol arkaly ilkinji gezek bor elemendiniň eksport ediljekdigini belläp: "Deňiz ýoly bilen 45 bilen 60 gün aralygynda ýerine ýetirýän eksportymyzy demir ýoly arkaly 15-20 gün aralygynda amala aşyrarys" diýip habar berdi. 

42 konteýneriň içinde daşaljak bor elemendi, Eti Magdançylyk dolandyryş Baş müdürligi tarapyndan Hytaýa eksport edilýär. 

Otly ýolagçylygyna ýurdyň içinde Ankara-Siwas-Kars liniýasyndan başlap, Gruziýa-Azerbaýjan-Hazar deňizi-Gazagystan ýaly ýurtlardan dowam eilder we ahyrynda Hytaýa barar. 

Boryň Hytaýa ýolagçylygy 12 gün dowam eder. Bu ýolagçylykda 2 materik, 2 deňiz, 5 ýurt geçiler. Otly jemi 7 müň 792 km ýol geçer. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Hytaý , #element , #bor , #Ankara , #otly

Degişli Habarlar