Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Içeri işler ministrliginiň ekstremist terror guramasy PKK garşy geçirýan “Eren-5” operasiýasynda 53 gaçybatalga bilen 62 ammar hatardan çykaryldy

1572043
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Içeri işler ministrliginden berilen beýannama görä terror guramasy PKK/KJK-niň gyşky bazalaryny ýok etmek maksady bilen Mardiniň welaýat Žandarm serkerdeliginiň komandoslarynyň, ýörite žandarm güýçleriniň we howpsyzlyk goragçylarynyň gatnaşmagyndaky operasiýa dowam edýär.

Operasiýanyň çäginde 53 gaçybatalga we 62 ammar hatardan çykaryldy. Şol gaçybatalgalarda we ammarlarda köp sanly partlaýyjy, partlaýyjy ýasamakda peýdalanylýan enjamlar, ok-däri, guramada degişli resminamalar, saglygy goraýyş we ýaşaýyş-durmuş enjamlary ele salyndy.

Ýurduň içinde terroryň doly ýok edilmegi üçin alynyp barylýan “Eren” operasiýalary halkyň goldaw bermeginde egilşiksiz we netijeli dowam edýär.



Degişli Habarlar