Türkiýe, Ukraina Gynanç Bildirdi

Harkow şäherinde garrylar öýünde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirildi

1569119
Türkiýe, Ukraina Gynanç Bildirdi

 

Türkiýe, Ukrainanyň Harkow şäherinde garrylar öýünde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Ukrainanyň Harkow şäherinde ýerleşýän garrylar öýünde bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamada “Dost we doganlyk ýurt ukrainanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris. Ýangynda ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Ukrainanyň Harkow şäherinde garrylar öýünde bolan ýangynda 15 adam ýogalypdy, 11 adam hem hassanada bejergi astyna alnypdy.



Degişli Habarlar