85 Ýaşyndan Ýokardaky Raýatlara Sanjym Edilmage Başlandy

“Mümkin bolan gysga wagtda has köp adama sanjym edilmegi üçin elimizden geleni edýäris”

1567942
85 Ýaşyndan Ýokardaky Raýatlara Sanjym Edilmage Başlandy

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 159 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 24 müň 487 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 168 müň  894 adam testden geçirilip, ýene-de 752 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 435 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 932 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 283müň 919 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, 85 ýaşyndan ýokardaky raýatlara şu gün sanjym edilmäge başlanandygyny aýtdy.

Ylmy geňeşiň maslahatyndan soň metbugata beýannama beren ministr Koja “Mümkin bolan gysga wagtda has köp adama sanjym edilmegi üçin elimizden geleni edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar