Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentop, Kovid-19 Sanjymyny Etdirdi

Sanjym tapgyrynyň çäginde häzire çenli 1 milliona golaý adama sanjym edildi

1567410
Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentop, Kovid-19 Sanjymyny Etdirdi

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 167 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 24 müň 328 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 175 müň  133 adam testden geçirilip, ýene-de 761 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 818 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 218 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 277müň 987 adama ýetdi.

Täze görnüş koronawirusa garşy göreş maksady bilen başladylan sanjym tapgyrynyň çäginde häzire çenli 1 milliona golaý adama sanjym edildi.

Saglygy goraýyş işgärlerinden soň garrylar öýlerinde bolýan ýaşulylara we 90 ýaşyndan  ýokardaky raýatlara sanjym edilýär.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Ankaranyň şäher hassahanasynda Kovid-19 sanjymyny etdirdi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #sanjym , #koronawirus

Degişli Habarlar