Kosowadaky partlamada ýaralanan 2 adam Türkiýä getirildi

Kosowanyň Ferizowik şäherindäki restoranlaryň birinde birnäçe gün ozal bolan tebigy gaz balonynyň partlamagy agyr ýaralanan 4 adamyň 2-si bejergi maksatly Türkiýä getirildi

1559154
Kosowadaky partlamada ýaralanan 2 adam Türkiýä getirildi

Kosowadaky partlamada agyr ýaralanan 4 adam Türkiýede bejergi edilmekleri üçin Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda tiz kömek uçary Kosowa ugradyldy. 

Ol ýerde ýaralanan adamlaryň 2-si tiz kömek uçary bilen Türkiýä getirildi. Uçar Türkiýäniň wagty bilen irden sagat 08:50-de Atatürk howa menziliniň umumy awiasia terminalyna gondy. 

Ýaralanan adamlar terminaldaky tiz kömek ulaglaryna geçirilip, hassahana gönükdirildi. 

Tiz kömek uçarynyň ýaralanan beýleki 2 adamy hem getirmek üçin Kosowa tarap ýola çykjakdygy habar berildi. 

Ýaralanan adamlaryň bejergileri Bagjylar Bilim we ylmy-derňew hassahanasy bilen Kartal Dr. Lütfi Kyrdar şäher hassahanasynda amala aşyrylar. 

Ferizowik şäherindäki resroranlaryň birinde birnäçe gün ozal bolan tebigy gaz partlamasynda 40-dan gowrak adam ýaralanypdy, bedeniniň käbir ýerleri ýanan 14 adam paýtagt Priştina şäherindäki Kosowa uniwersitediniň Kliniki merkezine gönükdirilipdi. 


Etiketkalar: #tiz kömek , #uçar , #partlama , #Kosowa

Degişli Habarlar