Türkiýe Pars aýlagynda ylalaşygyň ýola goýulmagyndan hoşal

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Pars aýlagynda ylalaşygyň ýola goýulmagyndan hoşaldygyny beýan etdi

1558133
Türkiýe Pars aýlagynda ylalaşygyň ýola goýulmagyndan hoşal

Daşary işler minitrligi, Saud Arabystanynyň Al-Ula şäherindäki 41-nji Pars aýlagy ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşinde, Pars aýlagyndaky oňşuksyzlygyň çözgüt ýolunda umumy ygtyýaryň orta goýulmagynyň we Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan ýola goýuljakdygynyň beýan edilmeginiň hoşallyk döredendigini beýan etdi. 

Türkiýäniň Pars aýlagy ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň jebisligine we bütewiligine ähmiýet berýändigi bellenen beýanatda: "Türkiýe Pars aýlagy ýurtlarynyň arasynda ynamyň ýaňadandan dikeldilmegi bilen strategik hyzmatdaş bolan Pars aýlagy ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegi üçin tagalla etmäge taýardyr" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar