Mewlüt Çawuşogly Somalide hüjüme sezewar bolan firmanyň eýesi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Somalide hüjüme sezewar bolan türk firmasy En-Eziň eýesi Hidaýet Zorlu bilen duşuşyk geçirdi

1557919
Mewlüt Çawuşogly Somalide hüjüme sezewar bolan firmanyň eýesi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Hidaýet Zorlu, Mewlüt Çawuşoglyna we ministriň orunbasary Ýawuz Selim Kyrana hüjüm bilen bagly maglumat berdi. 

Hidaýet Zorlu, Somalide eýýäm 2 ýyl bäri türk kärhanalaryna we olaryň işgärlerine hüjümler guralýandygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly hem Hidaýet Zorla ýogalan we ýaralana işgärleri sebäpli gynanç bildirdi. 

Somaliniň paýtagty Mogadişu şäheri bilen Afgoýe sebitleriniň arasyndaky ýol gurluşyk işini öz üstüne alan En-Ez firmasyna garşy 2-nji ýanwarda guralan terrorçylykly hüjümde 2-si Türkiýäniň raýaty jemi 5 adam ýogalypdy, 3-si türk raýaty jemi 14 adam bolsa ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar