Türkiýe, Nigerde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

"Dost we doganlyk ýurt nigeriň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris"

1556405
Türkiýe, Nigerde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada Nigeriň Mali serhedinde ýerleşýän obalara düýn guralan terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Bu hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Dost we doganlyk ýurt nigeriň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris. Ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 56 adam ýogalypdy, 20 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar