Prezident Erdoganyň Täze Ýyl Gutlagy

Prezident Erdogan milletiň her bir agzasyndan, täze ýyl gijesi başda bolmak bilen düzgünleri berjaý edip, epidemiýanyň hötdesinden gelmek üçin goldaw bermegini isledi

1555235
Prezident Erdoganyň Täze Ýyl Gutlagy

Prezident Erdogan, Täze ýyl mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, täze ýylyň Türkiýe, sebit we dünýädäki ähli adamlar üçin düşümli bolmagyny diledi. 

Prezident Erdogan, 2020-nji ýylyň koronawirus epidemiýasy başda bolmak bilen ençeme synagdan geçilen bir ýyl bolandygyny belläp, bütin dünýäni täsiri astyna alan Kowid-19 wirusynyň, soňky asyryň iň uly saglygy goraýyş krizisi hökmünde taryha geçendigini beýan etdi. 

Epidemiýa bilen birlikde maskadan dem alyş enjamlaryna, üpjünçilikden dermanlara çenli ähli ugurlar boýunça dünýäde uly kynçylyklaryň başdan geçirilendigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň epidemiýanyň iň tankydy tapgyryny, güýçli saglygy goraýyş infrastrukturasy we wagtynda gören öňüni alyş çäreleriniň saýasynda iň az zyýan bilen hötdesinden gelendigini habar berdi. 

Erdogan, Türkiýäniň Ýewropadaky umumy görkezijilere golaýlan hassahanalaryň reanimasiýa bölümlerindäki orunlary we saglygy goraýyş edaralarynda işleýän 1 million 100 müňden gowrak işgär sany bilen etaby üstünlikli ýagdaýda dolandyrýandygyny mälim etdi. 

Epidemiýanyň ýene-de birnäçe wagtlap täsirini dowam etdirjekdigini aýdan Erdogan, sanjymlaryň getirilmegi we oýlanyp tapylmagy bilen bagly işlerede ähmiýet berip, Türkiýäni bu näbelli gelejege taýarlandyklaryny aýan etdi. 

Her kimi koronawirus bilen bagly çärelere gulak asmaga çagyran Erdogan: "Milletimiň her bir agzasyndan, täze ýyl gijesi başda bolmak bilen her gün we durmuşlarynyň islendik pursatynda düzgünleri berjaý edip, ýurdumyzyň epidemiýa belasynyň hötdesinden iň gysga wagtda gelinmegi üçin goldaw bermegini isleýärin" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Täze ýyl , #Erdogan

Degişli Habarlar