Günde 1 Million 100 Müň Adama Sanjym Ediler

Hytaýda öndürlen sanjymyň Türkiýä getirilmegi bilen birlikde sanjym tapgyry üçin taýarlyklar başlady

1554917
Günde 1 Million 100 Müň Adama Sanjym Ediler

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, 1 günde 1 million 100 müň adama sanjym edilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hytaýda öndürlen sanjymyň Türkiýä getirilmegi bilen birlikde sanjym tapgyry üçin taýarlyklar başlady.

Sanjym ilki barlagdan geçirler we barlaglar 2 hepde dowam eder. Sanjym tapgyrynda 28 müň Maşgala lukmançylygy merkezi uly jogapkärçiligi öz üstüne alar. Döwlet hassahanalary bilen birlikde hususy hassahanalar hem sanjym tapgyryna degişli bolar.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sanjym tapgyry hakynda maglumat berid.

“Ýurdumyzda 27 müň Maşgala lukmançylygy merkezi bar we ähli sanjymlar şol merkezlerde edilýär. Her bir merkez günde 10 sanjym etse bir günde 270 müň sanjym ediler. Her merkezde 1 günde 40 sanjym edilse onda 1 günde 1 million 80 müň sanjym ediler. Döwlet eýeçiligindäki hassahanalar bilen birlikde hususy hassanalar hem sanjym tapgyrynda işjeň ýer alar” diýdi.

SinoWac sanjymyň Türkiýede meýletinlerde synagdn geçirlendigini hiç hili ýaramaz täsirine gabat gelinmändigini ýatladan Koja, ýanwar, fewral we mart aýlarynda sanjym tapgyrynyň güýçli depginde dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar