Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1554795
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmegine garşy ýene-de bir üstünlikli operasiýanyň geçirilendigi habar berildi. 

Beýanatda: "Asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy, gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar