Yragyň demirgazygynda 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 10 terrorçy, howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

1553593
Yragyň demirgazygynda 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Yragyň demirgazygyndaky Awaşin Basýan sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen kesgitlenen, PKK-a agza 10 terrorçynyň howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Türkiýäniň Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalar dowam eder" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar