Türkiýe Ýemende täze hökümetiň wezipä başlamagyndan hoşal

Türkiýe Ýemende täze hökümetiň wezipä başlamagyndan hoşaldygyny beýan etdi

1552933
Türkiýe Ýemende täze hökümetiň wezipä başlamagyndan hoşal

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, bu hadysanyň ýurtda eýýäm 6 ýyl bäri dowam edýän çaknyşyklaryň we bar bolan syýasy krizisiň bes edilmegine goşant goşjakdygyna ynanylýandygy bellenip, Ýemendäki ýagdaýyň ozal gabat gelinmedik adamzat tragediýasyna öwrülendigi habar berildi. 

Bu ýagdaýyň koronawirus epidemiýasynyň täsiri bilen has hem agyrlaşandygy bellenen beýanatda: "Şol sebäpli ýurtda hemişelik syýasy çözgüdiň tapylmagy ozalkylardan has gyssagly ýagdaýa geldi. Türkiýe oňşuksyzlygyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň we ozal kesgitlenen halkara parametrleriniň çäginde, dialog ýoly we konstitutsiýanyň esasynda, Ýemeniň syýasy jebisliginiň we territorial bütewiliginiň çäginde çözülmegini goldaýar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar