Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1553194
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy göreş daşary ýurtlarda hem tutanýerlilik bilen dowam etdirilýär.

Terrorçylaryň Siriýanyň demirgazygynda terrordan saplanan sebite girmek tagallalarynyň ýene-de bir gezek öňi alyndy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä, Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak maksady bilen günorta tarapdan girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Sebitde soňky 2 günde 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar