Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Siriýada Parahatçylyk çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1552708
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terrorçylaryň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm gurandyklary mälim edildi. 

Beýanatda: "Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin günorta tarapdan girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen ozalky beýanatda bolsa, Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edilipdi. 

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gahryman desant güýçlerimiz, Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdiler. Asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen sebite hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar