"TOKI tarapyndan guruljak ýaşaýyş binalar Türkiýe-Albaniýa dostlugynyň täze bir nyşanasy bolar"

Erdogan: "TOKI tarapyndan guruljak ýaşaýyş binalar Türkiýe-Albaniýa dostlugynyň täze bir nyşanasy bolar" diýip belledi

1550674
"TOKI tarapyndan guruljak ýaşaýyş binalar Türkiýe-Albaniýa dostlugynyň täze bir nyşanasy bolar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýada bolan ýer titremede öýlerinden mahrum bolan adamlaryň iň gysga wagtda täze öýlerine gowuşjakdygyny habar berdi.

Prezident Erdogan, Daşky gurşaw we şäherçilik ministrligine degişli TOKI edarasy tarapyndan Albaniýada guruljak 522 ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutmak dabarasyna Prezidentiň kompleksinden göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Taslamanyň iki ýurdyň arasyndaky dostluga goşant goşjakdygyny aýdan Erdogan: "TOKI tarapyndan guruljak ýaşaýyş binalar Türkiýe-Albaniýa dostlugynyň täze bir nyşanasyny emele getirer. Iň gysga wagtda binalaryň ilkinji tapgyryny tamamlap, ýer titremede öýlerinden mahrum bolan doganlarymyza bermäge başlarys" diýip aýan etdi. 

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum hem binalaryň düýbüniň tutulmagy bilen bagly geçirilen dabarada eden çykyşynda, guruljak täze binalaryň, iki ýurdyň arasynda ençeme asyra daýanýan dostluk we doganlyk hukukyny has hem güýçlendirjekdigini mälim etdi.

Murat Kurum binalaryň 8 aý soň gurulyp ulanylmaga beriljekdigini aýan etdi. 

2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Albaniýanyň paýtagty Tiran şäheriniň 30 km demirgazyk-günbataryndaky Dyraç şäherinde ýerli wagt bilen sagat 03:54-de 6,3 bal ululygynda ýer titremesi başdan geçirilipdi. Ýer titremede 28 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #Albaniýa , #Erdogan

Degişli Habarlar