“Täze Ýylda ABŞ we Ýewropa Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzda Täze Sahypa Açmagy Arzuw Edýäris”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi

1550547
“Täze Ýylda ABŞ we Ýewropa Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzda Täze Sahypa Açmagy Arzuw Edýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň ejir çekýänleriň umudy bolmaga dowam edýändigini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi.

“Şu günki günde Türkiýe diýlende ilkinji nobatda ynsanperwerlige we adalata esaslanýan daşary syýasat ýada düşýär” diýen Prezident Erdogan, “Türkiýe ejir çekýänleriň umydy bolmaga dowam edýär. Bütin dünýäde adalatly tutum alyp barýar. Türkiýe güýçlendigi saýyn oňa garşy guralýan hüjümler hem artýar. Türkiýe çaknyşykdan we haosdan hyýanatçylykly peýdalanýanlary biynjalyk edýär” diýdi.

Azerbaýjanyň gazanan Daglyk Garabag ýeňişi hakynda hem durup geçen Erdogan “Daglyk Garabagda 30 ýyl dowam eden basyp alyşlyk ulgamynyň ortadan aýrylmagyna goşant goşdyk” diýdi.

R. T. Erdogan, Türkiýäniň ÝB we ABŞ bilen edýän gatnaşyklary barada bolsa “Ýewropa we ABŞ bilen edýän gatnaşyklarymyzy ösdürdik. Türk dünýäsi, Aziýa, Latyn Amerika we Afrika ýurtlaryny hem ýatdan çykarmadyk. Ähli tagallalarymyza garamazdan 2020-njy ýyl Ýewropa we ABŞ bilen edýän gatnaşyklarymyzda dürli bökdençlikleriň başdan geçirlen ýyly boldy” diýip belledi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizi we Russiýadan satyn alan S-400 howa goranyş ulgamlary meselesinde iki ýüzli çemeleşmä sezewar bolandygyny nygtady.

Erdogan “Täze ýylda ABŞ we Ýewropa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarymyza täze sahypa açmagy arzuw edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar