Altun: "Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahatynda ABŞ-nyň sanksiýa karary ýazgaryldy"

Fahrettin Altun: "Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahatynda ABŞ-nyň sanksiýa karary ýazgaryldy" diýip habar berdi

1546304
Altun: "Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahatynda ABŞ-nyň sanksiýa karary ýazgaryldy"

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde düýn geçirilen Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahatynda, ABŞ-nyň Türkiýäniň S-400 ulgamlaryny satyn almagy sebäpli kabul eden birtaraplaýyn häsýetdäki sanksiýa kararyny ýazgardy.

Ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde metbugata ýapyk häsýetde geçen Ýokary maslahat beriş geňeşiniň maslahatyndan soň, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun beren ýazmaça beýanatynda: "Maslahatda ABŞ-nyň bir NATO hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň S-400 ulgamlaryny satyn alanlygy sebäpli kabul eden birtaraplaýyn häsýetdäki karary ýazgaryldy, Türkiýäniň milli howpsuzlyk we özygtyýarlylyk hukuklary bilen baglanşykly bir mesele sebäpli kabul edilen bu ýalňyş karara garşy edip boljak ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #maslahat , #Erdogan

Degişli Habarlar