Goranmak ministri Hulusi Akar ABŞ-nyň sanksiýa kararyna nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ABŞ-nyň sanksiýa kararyna nägilelik bildirdi

1546067
Goranmak ministri Hulusi Akar ABŞ-nyň sanksiýa kararyna nägilelik bildirdi

Hulusi Akar ABŞ-nyň sanksiýa kararyna: "Hyzmatdaşlyk, häzirki harby, syýasy hakykatlara bap gelmeýän karary ýazgarýarys" diýip belledi. 

"Bu sanksiýa karary ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsir ýetirdi" diýip bellän Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Howa we raketa howpunyň astyndaky ýurdumyzyň we 83 million raýatymyzyň howpsuzlygy üçin gerek bolan her dürli howpsuzlyk çärelerini alarys we mundan soň hem almaga dowam ederis. NATO agza bolan bir ýurda sanksiýa kararynyň hyzmatdaşlyk ruhuna zeper ýetirmek bilen birlikde hyzmatdaşlaryň arasyndaky howpsuzlygy kökünden sarsjakdygy äşgärdir. Ýurdumyzyň we eziz milletimiziň goranyşyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly işlerimizi mundan soň hem tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip belledi. 



Degişli Habarlar