Erdogan OECD-niň 60 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärä wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, OECD-niň 60 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärä wideo ýüzlenme ugratdy

1545335
Erdogan OECD-niň 60 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärä wideo ýüzlenme ugratdy

Erdogan: "Halkara hyzmatdaşlyk, ösüp barýan ýurtlar bilen bosgunlar we ýerlerinden göçürilen adamlar bilen bagly iş alyp barmalydyr. Bu babatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (Organisation for Economic Co-operation and Development, OECD) uly rol eýelemelidigine ynanýaryn" diýip belledi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, OECD-niň 60 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärä wideo ýüzlenme ugratdy. 

Türkiýäniň başlangyçdan bäri agzasy bolan guramanyň 60 ýyllygyny gutlan Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde deňagramly ykdysady ösüş bilen galkynyşyň üpjünçiligi, durnuklylygyň we iş orunlarynyň artdyrylmagy maksatlarynyň çäginde, OECD bilen täsirli hyzmatdaşlyk alyp barýarys. Gurama eýýam 60 ýyl bäri, taýarlan ylalaşyklary we şertnamalary bilen, gowy gollanma nusgalary bilen, emele getiren standartlary bilen, berýän maslahatlary we statistikalary bilen global ykdysadyýetde möhüm bir aktýordygyny subut etdi" diýip habar berdi. 

Kowid-19 epidemiýasynyň nähili durnuksyz bir dünýäde ýaşalýandygyny we adamlaryň biri-birlerine nähili derejede baglydyklaryny ýene-de bir gezek görkezendigini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde bu döwürde raýatlarymyzyň saglygy üçin gerek bolan ähli çäreleri gören mahaly, ykdysady işlerimizede arakesme bermezlik üçin tagalla etdik. Ykdysady durnuklylyk galkany we Sosial gorag galkany paketleri bilen potratççylarymyzyň, işewür adamlarymyzyň, oňaýsyz gatlagyň ýanynda boldyk" diýip habar berdi. 

Epidemiýa şertlerine garamazdan hem döwlet guramalarynda hem-de hususy pudakda maýa goýumlaryň göwrümini artdyrýandyklaryny aýdan Erdogan: "Global jogapkärçilik düşünjesi bilan halkara derejede ýardam bermegi we raýdaşlygy hem ýatdan çykarmadyk. Türkiýe hökmünde şu günki güne çenli dünýäniň 156 ýurduna we 9 halkara gurama kömek berdik. Krizis zamanynda durmuşa geçirilen bu hyzmatdaşlygyň we raýadaşlygyň hemişelik bolmagyny dileg edýärin. Noýabr aýynyň ahyrynda onlaýn görnüşde geçirilen G20 Liderler maslahatynda hem üstünde durup geçişim ýaly, Halkara hyzmatdaşlyk, ösüp barýan ýurtlar bilen bosgunlar we ýerlerinden göçürilen adamlar bilen bagly iş alyp barmalydyr. Bu babatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň uly rol eýelemelidigine ynanýaryn. Hormatly Baş sekretary iş alyp baran ýyllarynda guramany täsirli ýagdaýda ugrukdyryp, agza ýurtlary bilelikde işleşmek düşünjesi bilen ylalaşyga ugrukdyranlygy üçin gutlaýaryn" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Erdogan , #OECD

Degişli Habarlar